"Şu ýylyň başyndan bäri 2 müň 67 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi"

Milli Goranmak ministri Ýaşar Güler şu ýylyň başyndan bäri 2 müň 67 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigini habar berdi

2076434
"Şu ýylyň başyndan bäri 2 müň 67 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi"

Türkiyäniň Milli Goranmak ministri Türkiyäniň Beýik Millet Mejlisinde (TBMM) Goranmak ministrliginiň 2024-nji ýylyň býujeti bilen bagly eden çykyşynda, Ýewfrat Galkany, Zeýtun Şahasy, Parahatçylyk Çeşmesi, Bahar Galkany, Penje operasiýalary we beýleki operasiýalar bilen ekstremist terror guramasynyň ýurduň içinde dolulygyna ýok edilmek nokadyna getirilendigini, serhetaşa sebitlerden Türkiyä garşy guralýan hüjümleriň ortadan aýrylandygyny, serhet boýunça döredilmek islenen terror koridorynyň sökülendigini habar berdi. 

Milli Goranmak ministri Ýaşar Güler: "Ýurdumyzyň we milletimiziň howpsuzlygy üçin ähli terror guramalaryna garşy alynyp barylýan bu göreşde epiki üstünlikler gazanan gahryman esgerlerimiz, üstünliklerini günsaýyn artdyrýarlar. Şol çäkde şu ýylyň başyndan bäri 2 müň 67 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi" diýip mälim etdi. 

Ýaşar Güler Siriýadaky we Yrakdaky ähli operasiýalaryň BMG-nyň 51-nji maddasyndan gözbaş alýan kanuny taýdan özüňi goramak hukugynyň çäginde, goňşy ýurtlaryň özygtyýarlylyk hukuklaryna we territorial bütewiliklerine hormat goýmak bilen amala aşyrylýandygyny belledi. 



Degişli Habarlar