Erdogan Hanuka Baýramy Mynasybetli Ýüzlenme Çap Etdi

Prezident R.T.Erdogan Hanuka baýramçylygy mynasybetli çap eden ýüzlenmesinde musaýylyk ynanjyna uýýan ähli raýatlaryň baýramyny gutlady.

2076424
Erdogan Hanuka Baýramy Mynasybetli Ýüzlenme Çap Etdi

Dile, dini ynanja we kowumparazlyga esaslanýan ähli kemsidijiligi ret edýän hoşniýetlilik düşünjesiniň taryhyň we medeniýetiň iň gymmatly miraslaryndan biridigine ünsi çeken Erdogan; “Dünýäniň dürli sebitlerinde tapawutly dini ynançlara we şahsyýetlere bolan geçirimsizligiň ýaýbaňlanýan döwründe ähli kemsidijilige garşy durup, şol gymmatlyklarymyzy goramaga uly üns berýäris. Ähli raýatlarymyzyň dini ynançlaryny aza-erkin ýaşaýyşlary, geçmişde bolşy  ýaly şu günki günde-de, ertirem döwletimiziň hemaýatynda bolar. Jemgyýetimiziň aýrylmasyz bölegi bolup durýan musaýy raýatlarymyzyň Hanuka baýramyny gutlap, olara aman-esenlik dileýärin” diýdi.



Degişli Habarlar