Türkiye Pakistanda guralan terrorçylykly hüjümi ýazgardy

Türkiye Pakistanda guralan we 23 esgeriň şehit bolmagy bilen netijelenen terrorçylykly hüjümi ýazgardy

2075942
Türkiye Pakistanda guralan terrorçylykly hüjümi ýazgardy

Türkiyäniň Daşary işler ministrligi tarapyndan berilen ýazmaça beýanatda: "Pakistanyň demirgazyk-günbatarynda ýerleşýän Haýber Pahtunhwa welaýatynyň Dera Ismail Han sebitinde guralan terrorçylykly hüjümde 23 esgeriň şehit bolandygy baradaky habar uly gynanç bilen alyndy. Bu elhenç terrorçylykly hüjümi ýazgarýarys, şehit bolan esgerlere Alladan rehnet, maşgalalaryna bolsa gynanç bildirýäris" diýip habar berildi. 

Beýanatda bu waka sebäpli terrora garşy göreşde Pakistanyň hökümeti we halky bilen raýadaşlyk içindedigi ýene-de bir gezek nygtalyp geçilendigi aýan edildi. 

Pakistanyň demirgazyk-günbatarynda ýerleşýän Haýber Pahtunhwa welaýatynda bomba ýüklenen ulag bilen howpsuzlyk nokadynda guralan kamikaze hüjüminde 23 esger ýogalypdy, 6 başbozar bolsa täsirsiz ýagdaýa getirilipdi. 

Şol sebitiň tapawutly ýerlerinde bolan çaknyşyklarda 2 esger ýogalypdy, 21 başbozar bolsa täsirsiz ýagdaýa getirilipdi. 

Hüjümiň jogapkärçiligini Pakistanyň Taliban guramasyna bagly "Tehreek-e-Jihad Pakistan (TJP)" atly gurama öz üstüne alypdy. 



Degişli Habarlar