“Ysraýylyň Ýüzlerçe Ýalanyny Paş Etdik”

Altun, “TRT World Forum 2023” açylyş dabarasynda eden çykyşynda dezinformasiýa ünsi çekdi.

2074476
“Ysraýylyň Ýüzlerçe Ýalanyny Paş Etdik”

Kommunikasiýalar edarasynyň başlygy Fahrettin Altun, Ysraýylyň ýüzlerçe ýalanyny paş edendiklerini aýtdy.

Fahretin Altun, “TRT World Forum 2023” açylyş dabarasynda eden çykyşynda dezinformasiýa ünsi çekdi.

Altun, koronawirus epidemiýasy döwründe, Garabag söweşi, Russiýa-Ukraina söweşi we Ysraýylyň 7-nji oktýabrdan bäri guraýan hüjümlerinde edýän gyrgynçylygynda, dogry strategik aragatnaşyk göçümleri bilen dezinformasiýanyň, halkara we sebitleýin güýç göreşinde zahirli madda ýagdaýa gelmeginiň öňüniň alynyp bilinjekdigine göz ýetirlendigini gürrüň berdi.

Ysraýylyň şu günki günde bäbejikler, çagalar, zenanlar we ýaşulular bilen birlikde Gazada hakykaty hem ýok etmek isleýändigini nygtan Altun, Ysraýylyň, dowam etdirýän wagşyçylygyny we gyrgynçylygyny gizlemek üçin bilkastlaýyn ýalan maglumat ýaýratmaga çalyşýandygyny nygtady.

Ysraýylyň dezinformasiýa hüjümlerine garşy göreşmek üçin 7 gün 24 sagadyň dowamynda iş alyp barçak ýörite toparyň döredilendigini ýatladan Fahrettin Altun, “Ysraýylyň ýüzlerçe ýalanyny paş edik. Milli hem-de halkara derejesinde Ysraýylyň ýalan maglumat berýändigini ýüze çykardyk” diýip belledi



Degişli Habarlar