Daşary Işler Ministri Hakan Fidan Şu Gün Iş Sapary Bilen ABŞ-na Gider

Hakan Fidan, Gazadaky söweşiň bes edilmegi we yzygiderli parahatçylygyň ýola goýulmagy üçin ABŞ-na gider.

2074047
Daşary Işler Ministri Hakan Fidan Şu Gün Iş Sapary Bilen ABŞ-na Gider

Daşary işler ministri Hakan Fidan, Gazadaky söweşiň bes edilmegi we yzygiderli parahatçylygyň ýola goýulmagy üçin şu gün ABŞ-na gider.

Daşary işler ministrliginden berlen beýannamada, Yslam hyzmatdaşlyk guramasynyň we Arap ligasynyň 11-nji noýbarda nobatdan daşary ýagdaýda geçiren maslahatynda Türkiýäniň, Palestinanyň, Saud Arabystanynyň, Indoneziýanyň, Müsüriň, Iordaniýanyň, Kataryň we Nigeriýanyň Daşary işler ministriniň gatnaşmagynda döredilen Aragatnaşyk toparynyň, Gazadaky söweşiň bes edilmegi we yzygiderli parahatçylygyň ýola goýulmagy üçin halkara derejesinde tagalla etmegi barada kararyň kabul edilendigi ýatladyldy.

Karara laýyklykda Aragatnaşyk topary, ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken bilen duşuşar we Ysraýylyň Gaza guraýan hüjümleriniň bes edilmegi üçin töwellagçy bolmagyny islär.

ABŞ-da jemgyýetçilik guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen hem duşuşyk geçirjek Aragatnaşyk topary ertir hem iş sapary bilen Kanada gider.



Degişli Habarlar