Mistrler Kanetiniň Mejlisi Erdoganyň Başlyklyk Etmeginde Geçirildi

Prezident R.T.Erdogan mejlisden soň beýannama berdi.

2073614
Mistrler Kanetiniň Mejlisi Erdoganyň Başlyklyk Etmeginde Geçirildi

Prezident Erdogan ysraýylly ýolbaşçylaryň “iru-giç eden jenaýatlarynyň jerimesini çekjekdiklerini, taryhyň zibilligindäki orunlaryny eýelejekdiklerini” aýtdy.

Erdogan Ysraýylyň Gaza Sektorunda 2 adan bäri dowam edýän hüjümleri hakynda durup geçip; “Ysraýyl 2-nji Jahan urşundan bäri Palestinada eden zulumlarynyň hasabatyny bermeli bolar. Ondan gutulyp bilmez. Netanýahu nirä gaçar, bilemok” diýdi.

Ysraýylly resmileriň iru-giç degişli jezany çekjekdiklerini, taryhyň zibilligindäki orunlaryny eýelejekdiklerini aýdan Erdogan, Ysraýylyň hökümetine bu güýji berýän günbatar ýurtlarynyň hem soňunyň şeýle boljakdygyny beýan etdi.

“Eger-de ABŞ we Ýewropa ýurtlary Ysraýyla çäksiz goldaw syýasy hem-de harby-ykdysady goldaw bermedik bolsady, Ysraýyl şeýle perwaýsyz hereket edip bilmezdi” diýen Erdogan: “Günbataryň eteginiň aşagynda gizlenýän Ysraýylyň hökümetinşň, zulumy näçe artsa, çekjek jerimesi hem şonça agyr bolar” diýdi.



Degişli Habarlar