Türkiýäniň Goňşulary Bilen Çözülmejek Meselesi Ýok

Prezident R.T.Erdogan Türkiýäniň goňşy Gresiýany hiç haçan duşman hökmünde görmändigini, goňşulary bilen çözülmejekdigi hiç hili meselesiniň ýokdugyny aýtdy.

2073309
Türkiýäniň Goňşulary Bilen Çözülmejek Meselesi Ýok

Prezident Erdogan Gresiýada çap edilýän “Katimerini” gazetine beren interwýusynda 7-nji dekabrda paýtagt Afyna guramagy meýilleşdirilýän saparynyň öň ýanynda türk-grek gatnaşyklary hakyndaky soraglara jogap berdi.

Türkiýäniň we Gresiýanyň iki goňşy ýurtlardygyny nygtan Erdogan, golaýda beren “Türk-Grek gatnaşyklarynda täze sahypa” we “ikitaraply bähbit” hakyndaky beýannamalaryny ýatlatdy.

Erdogan, düşnüşmezlikleriň dialog bilen seljerilip, bilelikdäki bähbit esasynda garalan halatynda hemmeleriň gazançly boljakdygyny nygtap, Türkiýe bilen Gresiýanyň soňy döwürde gatnaşyklaryny şol düşünjä laýyklykda ugrukdyrmaga çalyşýandygyny nygtady.

Türkiýäniň goňşy Gresiýany hiç haçan duşman hökmünde görýändigini beýan eden Prezident Erdogan; “Döwletiň ählisi ýaly biziň hem duşmana däl, dosta zerurlygymyz bar. Men ýygy-ýygydan aýdýaryn, Gresiýanyň başda durmagynda goňşularymyz bilen çözülmejek meselämiziň ýokdugyna ynanýarys” diýdi.

İki ýurduň arasynda kontinental şift bilen bilelikde ençeme düşnüşmezligiň bardygyna ünsi çeken Erdogan; “Bular bitewilikde seljerilmeli. Meselelere aýratyn çemeleşip, käbirleri gyra goýmak dogry çemeleşme däl” diýdi.

Energetika taýdan esasanda Ortaýer deňizinde hyzmatdaşlyk potensialynyň we mümkinçiliginiň bardygyny beýan eden Erdogan, ol ýerdäki potensialyň syýasy taýdan peýdalanylmaga çalşylmagynyň şol çeşmelerden peýdalanylmazlyk howpuny hem ýany bilen alyp gelýändigini aýtdy.



Degişli Habarlar