Türkiýe Döwleti we Milleti Bilen Palestinaly Doganlarynyň Ýanynda

Prezident R.T.Erdogan “Türkiýe taryh boýy boýy bolşy ýaly, şu günki günde-de döwleti we milleti bilen palestinaly doganlarynyň ýanyndadyr” diýdi.

2070698
Türkiýe Döwleti we Milleti Bilen Palestinaly Doganlarynyň Ýanynda

Prezident Erdogan 29-njy noýabr Palestin halky bilen raýdaşlygyň Halkara güni mynasybetli sosial media hasabyndan habarnama berdi.

Türkiýäniň döwleti we halky bilen elmydama palestin halyny goldaýandygyny nygtan Erdogan; “Gazaly doganlarymyza ynsanperwer kömegimiz dowam edýär. Şu günki güne çenli 12 uçar we 1 gämi kömek Al Arişe bardy. 1500 tonna ynsanperwer kömegini alyp giden ikinji gamimiz şu gün ugrady. Rak kesellileri we esasan çagalaryň başda durmagynda ýaralylary Türkiýä getirip, bejergisi bilen gyzyklanýarys. Gazada guruljak göçme hassahana üçin kesgitleýiş işleri dowam edýär. ýesirleriň boşadylmagy we hüjümleriň durnukly bes edilmegi üçin gepleşiklerimiziň depginini güýçlendireris. Enşalla başlangyçlarymyz mundan beýläk hem köp ugurly dowam eder” diýdi.



Degişli Habarlar