Erdogan Birleşen Arap Emirliklerine Gider

Prezident R.T.Erdogan Howanyň üýtgemegine garşy Bütindünýä sammitine gatnaşmak üçin şu gün Birleşen Arap Emirliklerine gider.

2070768
Erdogan Birleşen Arap Emirliklerine Gider

Kommunikasiýalar edarasyndan berilen beýannama görä Erdogan Dubaide geçiriljek BMG-niň Howanyň üýtgemegi hakyndaky çarçuwaly konwensiýasynyň 28-nji Maslahatynyň çäginde guraljak sammite gatnaşmak üçin 30-njy noýabr bilen 1-nji dekabryň aralygynda Birleşen Arap Emirliklerine sapar eder.

Sammitde howanyň üýtgemegine garşy göreş syýasatlarynyň başda durmagynda daşky gurşaw bilen bagly meseleler, energetika, azyk, saglygy goraýyş ýaly dürli ugurlarda liderler derejesinde pikir alyşylmagy meýilleşdirilýär.

Prezident Erdoganyň sammitiň birinji güni, 1-nji dekabrda çykyş edip, maslahatyň çaginde gatnaşyjy käbir döwlet we hökümet ýolbaşçylary bilen ikiçäk duşuşyklar geçirmegi meýilleşdirilýär.



Degişli Habarlar