Fahrettin Koja Gaza saglyk kömeginiň ugradylmaga dowam edýändigini habar berdi

Türkiyäniň Saglygy goraýyş ministri Fahrettin Koja Gaza saglyk kömeginiň ugradylmaga dowam edýändigini habar berdi

2070475
Fahrettin Koja Gaza saglyk kömeginiň ugradylmaga dowam edýändigini habar berdi

Saglygy goraýyş ministri Fahrettin Koja sosial media hasabyndan beren beýanatynda, Gaza ynsanperwer kömek daşaýan harby uçaryň şu gün irden Kaýseri welaýatyndan Müsüriň Al-Ariş howa menziline ugradylandygyny mälim etdi. 

Düzüminde inkubatorlar, anesteziýa enjamlary, täze dogulan bäbekler üçin howa geçirijiler, operasiýa stollary, potolok lampalary we köp sanly lukmançylyk enjamlary bolan uçaryň gaýdyşyn bolsa, aglabasy çagalardan ybarat bolan keselli adamlary we olara ýoldaş boljak adamlary bejergi etmek üçin Türkiyä getirjekdigini aýdan Fahrettin Koja, mesele boýunça degişli 3 ýurt bilen gepleşikleriň geçirilýändigini beýan etdi. 

Türkiyeden Gaza ýetirilmek üçin häzirki wagta çenli 11 uçar, 1 gämi, takmynan 700 tonna ynsanperwer kömek we lukmançylyk enjamlary, 8 göçme hassahanasy bilen 20 tiz kömek ulagy Müsüriň Al-Ariş howa menziline bardy.

Beýleki tarapdan Saglygy goraýyş ministri Fahrettin Koja Gaza düýn baran toparyň göçme hassahanasy üçin amatly ýeriň tapylmagy bilen bagly işleriniň tamamlanandygyny habar berdi.

Fahrettin Koja: "Gaza baran toparymyzyň göçme hassahanasy hyzmatlary üçin amatly bir ýeriň tapylmagy bilen bagly işleri tamamlandy. Mundan soňky tapgyrda saglygy goraýyş bilen bagly hyzmatlary, ýaralanan we syrkaw palestinanyň halkyna ýerinde bermegi meýilleşdirýäris" diýip beýan etdi.



Degişli Habarlar