Prezident Erdogan Ispaniýanyň Premýer ministri bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Türkiyäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan, Ispaniýanyň Premýer ministri Pedro Sançes bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

2069587
Prezident Erdogan Ispaniýanyň Premýer ministri bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Kommunikasiýalar edarasyndan berilen beýanata görä Ysraýylyň Palestina garşy hüjümleri, ynsanperwer kömekleriň Gaza arakesmesiz ýagdaýda ýetirilmegi üçin edilmeli bolan ädimler we hemişelik ylalaşyk bilen hemişelik parahatçylyk tagallalary ara alynyp maslahatlaşyldy. 

Telefon söhbetdeşliginde Ispaniýanyň hökümetiniň Ysraýylyň palestinalylara garşy bikanun häsýetindäki hüjümleriniň öňünde eýeleýän çemeleşmesi we Palestinanyň ykrar edilmegi bilen bagly beýannamalarynyň gymmatlydygyny aýdan Prezident Erdogan, Türkiyäniň sebitde hemişelik parahatçylygy üpjün ediji, kepillik bilen birlikde ähli jogapkärçiligi öz üstüne almaga we Ispaniýa bilen sebitleýin parahatçylyk üçin bilelikde işleşmäge taýardygyny habar berdi. 



Degişli Habarlar