Yragyň demirgazygynda üç esger şehit boldy

Milli Goranmak ministrligi Penje-Gulp operasiýasy sebitinde ekstremist terror guramasy tarapyndan guralan hüjümiň netijesinde Nejdet Çalyşyň we Emrah Gündüziň şehit bolandygyny, 2 esgeriň hem ýaralanandygyny habar beripdi

2069135
Yragyň demirgazygynda üç esger şehit boldy

Yragyň demirgazygyndaky Penje-Gulp operasiýasy sebitinde ekstremist terror guramasy PKK-a agza terrorçylar tarapyndan guralan hüjümde ýaralanan 1 esger, bejergi alýan hassahanasynda şehit boldy. Şeýlelik bilen Yragyň demirgazygyndaky Penje-Gulp operasiýasy sebitinde şehit bolan esgerleriň sany 3-e ýetdi. 

Türkiyäniň Milli Goranmak ministrliginden berilen beýanatda: "Penje-Gulp operasiýasy sebitinde 26-njy noýabrda terrorçylar tarapyndan guralan hüjümiň netijesinde ýaralanyp, hassahana gönükdirilen gahryman egindeşimiz Fewzi Kyzyltaş, bejergi alýan hassahanasynda edilen ähli tagallalara garamazdan halas edilip bilnmedi we şehit boldy. Bizi çuňňur gynandyran we gam-gussa bogan bu wakada ýogalan eziz şehidimize Alladan rehnet, gussaly maşgalasyna, Türkiyäniň Ýaragly güýçlerine we eziz türk milletine gynanç we sabyr dileýäris" diýip habar berildi. 

Milli Goranmak ministrligi Penje-Gulp operasiýasy sebitinde ekstremist terror guramasy tarapyndan guralan hüjümiň netijesinde Nejdet Çalyşyň we Emrah Gündüziň şehit bolandygyny, 2 esgeriň hem ýaralanandygyny habar beripdi. 



Degişli Habarlar