Fahrettin Altun dezinformasiýa garşy göreşmekde tutanýerlidiklerini beýan etdi

Kommunikasiýalar edarasynyň başlygy Fahrettin Altun, dezinformasiýa garşy göreşmekde tutanýerlidiklerini beýan etdi

2068913
Fahrettin Altun dezinformasiýa garşy göreşmekde tutanýerlidiklerini beýan etdi

Kommunikasiýalar edarasynyň başlygy Fahrettin Altun Kommunikasiýalar edarasy tarapyndan Stambulda geçirilen Halkara strategik aragatnaşyk sammitiniň ýapylyşynda çykyş etdi. 

Sammitde 2 günüň dowamynda bütin dünýä wehim salýan gibrid howplara garşy nähili, haýsy ýoly we usullar bilen göreş alyp barjakdyklaryny maslahatlaşandyklaryny we sala-salandyklaryny aýdan Fahrettin Altun: "Strategiki aragatnaşykçy hökmünde şahsyýetleri, jemgyýetleri, medeniýetleri, döwletleri, demokratiýany nyşana alan gibrid howplara garşy täsirli hyzmatdaşlyk içinde bolmalydyrys" diýip belledi. 

Global adalatsyzlygyň dezinformasiýa we galp habarlar arkaly ýaýraýandygyny aýdan Fahrettin Altun: "Global derejede gurarys. Täsirli bir koordinasiýa bilen ýalana, dezinformasiýa we gibrid howplara garşy göreş alyp bararys" diýip mälim etdi. 



Degişli Habarlar