“Halal Önümlere Bolan Talap Gün Saýyn Artýar”

Prezident Erdogan, Stambulda geçirilýän 9-njy Bütindünýä Halal sammitine wideo ýüzlenme ugratdy.

2068748
“Halal Önümlere Bolan Talap Gün Saýyn Artýar”

Prezident R. T. Erdogan, musulmanlaryň arasynda halal belgili önümlere we hyzmatlara bolan talabyň gün saýyn artandygyny aýtdy.

Prezident Erdogan, Stambulda geçirilýän 9-njy Bütindünýä Halal sammitine wideo ýüzlenme ugratdy.

Russiýa bilen Ukrainanyň arasyndaky dartgynlyk we Kowid-19 epidemiýasy sebäpli azyk howpsuzlygyna uly ähmiýet berilýändigini nygtan Erdogan, “10-müňi daşary ýurtly jemi 40 müň adamyň gatnaşmagyna garaşylýan Halal sammitiniň Musulman ýurtlarynyň arasynda azyk howpsuzlygynyň üpjün edilmegine goşant goşjakdygyna ynanýaryn” diýdi.

Prezident Erdogan, musulman ýurtlarynyň arasynda halal belgili önümlere we hyzmatlara bolan taralabyň, şol önümleriň arassa we saglyga peýdaly bolandygy sebäpli artandygyna ünsi çekdi.

Prezident Erdogan “Şu günki günde bütindünýä halal bazary azyk, syýahatçylyk, kosmetika we maliýe ýaly pudaklaryň başda durmagynda jemi 5 trilion dollara çenli baryp ýetdi”diýdi.

 



Degişli Habarlar