Köpçülikleýin jezalandyrma öwrülen we harby jenaýat bolup durýan hüjümlerini kabul etmeýaris

Erdogan Ysraýylyň köpçülikleýin jezalandyrma öwrülen we harby jenaýat bolup durýan hüjümlerini kabul etmeýandiklerini aýtdy.

2067177
Köpçülikleýin jezalandyrma öwrülen we harby jenaýat bolup durýan hüjümlerini kabul etmeýaris

Prezident R.T.Erdogan Alžir Demokratik Halk Respublikasynyň Prezidenti Abdulmajid Tabbunyň çakylygyna laýyklykda Türkiýe bilen Alžiriň arasyndaky Ýokary derejeli hyzmatdaşlyk geňeşiniň 2-nji maslahatyna gatnaşmak üçin adybir ýurda guran saparynda kärdeşi bilen geçiren duşuşyndan soň metbugat ýygnagyny gurady.

Erdogan ol ýerde sözlän sözünde Gaza Sektorunda hassahana, ybadathana, mekdep ýaly gorag astynda bolmaly ýerleriň nyşana alynmagyny, halkyň göçmäge mejbur edilmegini, wyždansyzlyk we wagşylyk hökmünde häsýetlendirip; “Köpçülikleýin jezalandyrma öwrülen we harby jenaýat bolup durýan Ysraýylyň hüjümlerini hiçbir şertde kabul etmeýäris” diýdi.

1967-nji ýyldaky serhetlerinde paýtagty Iýerusalim bolan Palestina döwletiniň gurulmagynyň indi gutulgysyzdygyny nygtan Erdogan, şol ugurda ellerinden geleni etjekdiklerini aýtdy.

“Ysraýyl bilen Hamasyň arasynda ýesirleriň çalşylmagy boýunça geçirilýän gepleşiklerde hem Daşary işler ministrimiz hem-de Milli howpsuzlyk gullugymyzyň başlygy Katar bilen bilelikde işleşýäris” diýen Prezident Erdogan, esasy maksatlarynyň Gazada hüjümleriň durnukly bes edilmeginden we ynsanperwer kömekleriniň sebite bökdençsiz ýetirilmeginden ybaratdygyny nygtady.

Alžiriň Prezidenti Abdulmajid Tabbun bolsa;” Ýakyn Gündogar wulkan ýaly. Ýa bu mesele çözüler, ýa-da başga ugurda dowam eder. Erdogan bilen Günbatar Şeriadaky ýehudi ýaşaýjy terrorunyň hem bes edilmelidigini nygtap geçdik. Gazadaky genosidiň günäkärleriniň Halkara jenaýat kazyýetinde jenaýat işine çekilmelidigini belläp geçdik” diýdi.

 



Degişli Habarlar