Türkiýe Bilen Russiýanyň Arasyndaky Syýasy Gepleşikler Şu Gün Moskwada Geçirler

Gepleşiklerde özara we sebitara syýasy meseleler ara alnyp maslahatlaşylar

2066966
Türkiýe Bilen Russiýanyň Arasyndaky Syýasy Gepleşikler Şu Gün Moskwada Geçirler

Türkiýe bilen Russiýanyň arasyndaky syýasy gepleşikler şu gün Russiýanyň paýtagty Moskwada geçirler.

Daşary işler ministrligi, Türkiýe bilen Russiýanyň arasyndaky syýasy gepleşikleriň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde Moskwada geçiriljekdigini habar berdi.

Daşary işler ministrliginden berlen beýannamada, “Türkiýe bilen Russiýanyň arasyndaky syýasy gepleşikler Daşary işler ministriniň orunbasary ilçi Burak Akçaparyň we Russiýa Federassiýasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Sergeý Werşiniň ýolbaşçylygynda 2023-nji ýylyň 21-nji noýabrynda Moskwada geçirler. Gepleşiklerde özara we sebitara syýasy meseleler ara alnyp maslahatlaşylar” diýildi.

 



Degişli Habarlar