Prezident Erdogan Şu Gün Alžire Gider

Erdogan, Türkiýe bilen Alžiriň arasyndaky Ýokary derejeli hyzmatdaşlyk geňeşiniň ikinji maslahatyna gatnaşar

2066705
Prezident Erdogan Şu Gün Alžire Gider

Prezident R. T. Erdogan şu gün Alžire gider

Prezident R. T. Erdogan, Alžir Demokratik Halk Respublikasynyň Prezidenti Abulmejid Tebbunyň myhmany hökmünde, Türkiýe bilen Alžiriň arasyndaky Ýokary derejeli hyzmatdaşlyk geňeşiniň ikinji maslahatyna gatnaşmak üçin şu gün Alžire gider.

Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasyndan berlen beýannama görä, Türkiýe bilen Alžiriň arasyndaky Ýokary derejeli hyzmatdaşlyk geňeşiniň maslahaty iki ýurduň prezidentleriniň we degişli ministrleriň gatnaşmagynda paýtagt Alžirde geçirler.

Saparyň çäginde geçiriljek gepleşiklerde Türkiýe bilen Alžiriň arasyndaky özara gatnaşyklaryň has-da pugtalandyrylmagy meselesi ara alnyp maslahatlaşylar.

Gazada başdan geçirilýän soňky wakalaryň başda durmagynda sebitara we halkara meseleler hem saparyň gün tertibinde esasy orun eýeleýär.

 



Degişli Habarlar