Ministrler Kabinetiniň Mejlisi Erdoganyň Başlyklyk Etmeginde Ankarada Geçirildi

Prezident R.T.Erdogan mejlisden soň beýannama berdi.

2066887
Ministrler Kabinetiniň Mejlisi Erdoganyň Başlyklyk Etmeginde Ankarada Geçirildi

Erdogan; “Ysraýyl näçe tagalla etse-de antisemitik tegmilini basyp bilmejek ýeke-täk ýurdy Türkiýedir. Türkiýäniň geçmişinde beýle utandyryjy tekmilini görmersiňiz”

Gazada 7-nji oktýabrdan bäri sözüň doly manysynda wagşyçylyk, müň ýol ozalkyu Haçpparaz hüjüminde, 2-nji Jahan urşyunda başdan geçirilenleri ýada salýan rehimsizlik edilýändigini beýan eden Erdogan; “Çagalara, zenanlara, garrylara garşy döwrebap ýaraglaryň ählisini ulanýan Ysraýyl we ony goldaýanlar umumyadamzadyň wyždanynda sorag ediler” diýdi.

Ysraýylyň ýadro ýaraglary meselesiniň ýatdan çykarylmagyna we çykartdyrylmagyna Türkiýäniň ýol bermejekdiklerini nygtan Erdogan; “Türkiýe Gazada akýan ganyň durmagy üçin tagalla edýan bolsa, günbatar ýurtlaryň wyždansyzlygyndan utanýarys. Holokost utanjy, ýewropaly liderleri hamala diýersiňiz ýesir aldy. Ysraýyl näçe tagalla edende-de antisemitik tegmilini basyp bilmejek ýeke-tak ýurdy Türkiýedir. Türkiýäniň geçmişinde beýle utandyryjy etmişini tapyp bilmersiňiz” diýdi.

 



Degişli Habarlar