Milli Howpsuzlyk gullugy Yrakda möhüm operasiýa geçirdi

Ekstremist terror guramasy PKK/KJK-nyň jogapkär ýolbaşçylarynyň biri bolan Žiýan Mardin adyny ulanýan Gülsüme Dogan Yragyň demirgazygynda täsirsiz ýagdaýa getirildi

2066559
Milli Howpsuzlyk gullugy Yrakda möhüm operasiýa geçirdi

Türkiyäniň Milli Howpsuzlyk gullugy Yragyň demirgazygynda PKK/KJK-a garşy operasiýalaryny dowam etdirýär. 

Milli Howpsuzlyk gullugy Yragyň Süleýmaniýe şäherinde we şäheriň töwereginde PKK/KJK-nyň jogapkär ýolbaşçysy hökmünde iş alyp baran Žiýan Mardin adyny ulanýan Gülsüme Dogany täsirsiz ýagdaýa getirdi. 

Terrorçy Gülsüme Doganyň alan görkezmeleriniň esasynda sebitde ýaşaýan adamlardan guramanyň adyndan salgyt alandygy, ýygnan pullaryny hem howpsuzlyk güýçlerine garşy guralýan hüjümlerde ulanandygy we gurama logistik taýdan goldaw berendigi anyklandy. 

Terrorçy Gülsüme Doganyň ýetginjeklik ýaşyna ýetmedik çagalary guramanyň hataryna goşmak boýunça iş alyp barandygy mälim edildi. 



Degişli Habarlar