Kurtulmuş MİKTA-nyň Maslahatyna Gatnaşmak Üçin Indoneziýada Saparda Bolýar

Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Numan Kurtulmuş ysraýyllylaryň Gazada edýän gyrgynçylygynyň palestinalylary ikinji-üçünji synp adam hökmünde görmeginden gelip çykýandygyny beýan etdi.

2067008
Kurtulmuş MİKTA-nyň Maslahatyna Gatnaşmak Üçin Indoneziýada Saparda Bolýar

Kurtulmuş Meksika, İndoneziýa, Koreýa Respublikasy, Türkiýe we Awstraliýa tarapyndan döredilen MİKTA-nyň parlament başlyklarynyň 9-njy maslahatyna gatnaşmak üçin İndoneziýa guraýan saparynyň çäginde paýtagt Žakartada ýerleşýän Ýunus Emre institutynda Türkiýede ýokary bilim alýan indoneziýaly ýaşlar bilen duşuşdy.

Dünýäniň ençeme ýerinde sebitleýin çaknyşyklaryň başdan geçirilýändigini ýatladan Kurtulmuş; “Dünýäde özlerini birinji synp, beýleki adamlary bolsa ikinji-üçünji synp hökmünde kabul edýän ýurtlaryň bardygyny görýäris. İne, iň soňkusy Ysraýyl bilen Palestinanyň arasyndaky bu söweşiň aňyrsyndaky esasy sebäp, diňe bir güýç göreşi däl. Ysraýyllylaryň diňe bir palestinaly doganlarymyzy ol ýerden çykarmak ugrundaky tagallasy hem däl, şol bir wagtda-da özlerini birinji synp, palestinalylary bolsa ikinji-üçünji synp adam hökmünde kabul etmeginden gelip çykýar” diýdi.

“Adamlaryň ählisi ýaradylyşdan deň hukuklydsyr” diýen Kurtulmyş; “Oňa ynanmaýanlaryň adamlaryň deň görmegi mümkin däl. Gazada 5 müň çaga gynansagam Ysraýyl tarapyndan öldürildi” diýdi.  



Degişli Habarlar