Gazadan ewakuasiýa edilen türkler Stambula getirildi

Ysraýylyň hüjümleri sebäpli Gazadan ewakuasiýa edilen Türkiyäniň we DKTR-nyň 87 raýaty, Müsürden Stambula getirildiler

2066689
Gazadan ewakuasiýa edilen türkler Stambula getirildi

Refah gümrük geçelgesinden Müsüre geçen DKTR-nyň 27 raýaty we Türkiyäniň 60 raýaty Türk howa ýollary kärhanasyna degişli uçar bilen Müsüriň Kair howa menzilinden Stambul howa menziline getirildiler. 

Türkiyäniň we DKTR-nyň raýatlaryny howa menzilinde Daşary işler ministrliginiň wekilleri we Tebigy apatlar we adatdan daşary ýagdaýlar edarasynyň (AFAD) resmileri garşyladylar.

Pasport gözegçiliginden soň käbir raýatlar awtobuslar bilen howa menzilinden gaýdan bolsalar, DKTR-nyň raýatlary we beýleki welaýatlarda ýaşaýan raýatlar AFAD tarapyndan kesgitlenen myhmanhanalara ýerleşdirildiler. 



Degişli Habarlar