Gazadaky Türkler Müsüre Geçdi

Gazadan Müsüre baran toparyň şu gün howa ýolary arkaly Türkiýä getirilmegine garaşylar.

2066157
Gazadaky Türkler Müsüre Geçdi

Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Önjü Keçeli, Refah gümrük geçelgesinden geçen Türkiýäniň we DKTR-nyň raýaty bolan 87 adamyň Müsüre barandygyny mälim etdi.

Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Keçeli, mesele hakynda beren ýazmaça beýannamasynda, “Raýatlarymyzdan we DKTR-nyň raýatlaryndan we maşgalalaryndan ybarat 87 adam, Refah gümrük geçelgesinden geçip Müsüre bardy” diýdi.

Gazadan Müsüre baran toparyň şu gün howa ýolary arkaly Türkiýä getirilmegine garaşylar.

 


Etiketkalar: #raýat , #Müsür , #Gaza

Degişli Habarlar