Şwesiýanyň NATO agzalyk gepleşikleri yza süýşürildi

Teklip kabul edilen halatynda teswirnama Mejlisiň baş geňeşiniň gün tertibine getiriler

2065342
Şwesiýanyň NATO agzalyk gepleşikleri yza süýşürildi

TBMM-niň Daşary işler komissiýasynda maslahatlaşylmaga başlanan Şwesiýanyň NATO agzalyk teswirnamasyny tassyklamak baradaky kanun taslamasy baradaky gepleşikleriň yza süýşürilmegi barada karara gelindi.

TBMM-niň Daşary işler komissiýasy Fuat Oktaýyň ýolbaşçylyk etmeginde düýn geçirildi. 

Maslahatda 7 halkara ylalaşyk bilen Şwesiýanyň NATO agzalyk tapgyrynyň tassyklanmagy bilen baglanşykly kanun taslamasy ele alyndy. 

Gepleşikleriň netijesinde karar kabul edilmedi we maslahatyň öňümizdäki günlerde ýaňadandan geçirilmegi barada karar kabul edildi. 

Teklip kabul edilen halatynda teswirnama Mejlisiň baş geňeşiniň gün tertibine getiriler.  


Etiketkalar: #TBMM , #NATO , #Şwesiýa

Degişli Habarlar