Ömer Çelik ysraýylly resmileriň Prezident Erdogan baradaky beýanatlaryny tankyt etdi

Ömer Çelik: "Netanýahu we şoňa meňzeşler gyrgynçylyk syýasatynyň tarapdarlarydyr" diýip nygtady

2065319
Ömer Çelik ysraýylly resmileriň Prezident Erdogan baradaky beýanatlaryny tankyt etdi

Adalat we ösüş partiýasynyň metbugat geňeşçisi Ömer Çelik, ysraýylly resmileriň Prezident Rejep Taýýip Erdogan baradaky beýanatlaryny tankyt etdi. 

Ömer Çelik sosial media hasabyndan beren beýanatynda, Ysraýylyň hökümetiniň asuda ilatdan müňlerçe zenany we çagany öldürip, metjitleri, buthanalary we hassahanalary ýumuryp, adamzat taryhyna gara tegmil hökmünde geçen jenaýatlar edendigini habar berdi.  

Ömer Çelik: "Eli ganly Ysraýyl hökümetiniň Premýer ministri Binýamin Netanýahunyň we Ysraýylyň Daşary işler ministri Eli Koheniň, Prezident Rejep Taýýip Erdogany nyşana alyp beren beýanatlary, günleriň birinde çürt-kesik hasap berjek jenaýatlarynyň üstüni örtmek bilen bagly tagallalarydyr. Prezidentimiz adamzat mertebesini aýakda saklaýan we adamzat gymmatlyklaryny tutanýerlilik bilen goraýan bir syýasat alyp barýar. Netanýahu we şoňa meňzeşler gyrgynçylyk syýasatynyň tarapdarlarydyr" diýip nygtady. 



Degişli Habarlar