Fidan-Konakowiç umumy metbugat ýygnagy

Daşary işler ministri Hakan Fidan Bosniýa-Gersegowinanyň Daşary işler ministri Elmedin Konakowiç bilen Daşary işler ministrliginde geçiren duşuşygyndan soň geçirilen umumy metbugat ýygnagynda beýanat berdi

2065315
Fidan-Konakowiç umumy metbugat ýygnagy

Kärdeşi bilen Ysraýylyň Gazadaky wagşyçylygyny ele alandyklaryny aýdan Hakan Fidan: "Gazadaky bikanun gabawyň, adamkärçiliksiz hüjümleriň henizem dowam etmegi utandyryjydyr" diýip nygtady. 

Hakan Fidan: "Iň erbet zat Ysraýyla täsir edip bilýän Günbatar ýurtlarynyň Gazadaky wagşyçylygyň öňünde düýbünden dymmagydyr" diýip habar berdi. 

Günbatar dünýäsine ahlak gymmatlyklaryna eýe çykmak, Gazada aç-açan edilýän adamzada garşy jenaýatyň tarapdary bolmazlyk barada çagyryş beren Hakan Fidan: "Ysraýylyň Gazadaky kanunsyzlygy, asuda ilaty köpçülikleýin nyşana almagyna garşy dymmak, dünýäniň beýleki ýerlerinde hem kanunlaryň bozulmagyna ýaşyl yşyk ýakylandygy manysyny berýär" diýip beýan etdi. 

Hakan Fidan Türkiyäniň bu gyrgynçylygyň durmagy we bu wagşyçylygyň bes edilmegi üçin uly tagalla edýändigini belledi. 

Bosniýa-Gersegowinanyň Daşary işler ministri Elmedin Konakowiç Bosniýada başdan geçirilen hadysalara meňzeş hadysalaryň şu günki gün Ukrainada we Gazada başdan geçirilýändigini belläp: "Şu gün Hamasy ýok etmek üçin hassahanalara, mekdeplere hüjüm guramak we asuda ilaty öldürmek, çürt-kesik kabul edilip bilinjek bir zat däldir" diýip belledi. 

Iki döwletli çözgüdiň gözlenmelidigini aýdan Konakowiç: "Men Türkiyä hem sebit üçin hem-de Bosniýa-Gersegowina üçin eden ähli goldawlary üçin minnetdarlyk bildirýärin" diýip habar berdi. 

Beýleki tarapdan Türkiye bilen Bosniýa-Gersegowinanyň arasyndaky gatnaşyklary has hem berkitmek üçin Ankara gelendigini aýdan Konakowiç: "Bilişiňiz ýaly Saraýewo-Belgrad gara ýoly iň uly taslamalaryň biridir. Hormatly Prezident Erdogandan uly goldaw aldyk, türk banklaryndan goldaw aldyk we bu biziň üçin uly ähmiýete eýedir" diýip nygtady. 



Degişli Habarlar