Yragyň demirgazygyndaky Penje operasiýasy sebitlerinde 165 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Yragyň demirgazygynda ýerleşýän Penje operasiýasy sebitlerinde ekstremist terror guramasy PKK/KJK-a agza 165 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

2063469
Yragyň demirgazygyndaky Penje operasiýasy sebitlerinde 165 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Gury ýer güýçleriniň serkerdesi Selçuk Baýraktarogly Yragyň demirgazygynda dowam edýän Penje operasiýalary barada maglumat berdi. 

Hakkari welaýatynyň Çukurja etrabyna baryp gören Gury ýer güýçleriniň serkerdesi Selçuk Baýraktarogly, sebite gözegçilik edip, goşmaça howpsuzlyk çäreleriniň görülmegi barada görkezmeler berdi. 

Şoňa laýyklykda 15-nji awgust-10-njy noýabr aralygynda Yragyň demirgazygynda ýerleşýän Penje operasiýasy sebitlerinde 838 hüjüm we hüjüm guramaga synanyşyk başdan geçirilen bolsa, esgerleriň çäre görmegi esasynda PKK/KJK-a agza 165 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi. 

Sebitde 161 gowak we gaçybatalga bilen 303 mina we elde ýasalan partlaýjy madda anyklanyp, ýok edildi. 

Gözleg we saplaýyş işlerinde 58 ýarag, 181 müň 833 ok-däri we köp mukdarda gündelik ýaşaýyş üçin gerek bolan enjamlar ele salyndy.  



Degişli Habarlar