Erdogan Raisi Bilen Duşuşdy

Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň 16-njy Sammitine gatnaşmak üçin Daşkentde bolýan Prezident R.T.Erdogan Eýranyň döwlet Ýolbaşçysy Ebrahim Raisi bilen duşuşdy.

2062653
Erdogan Raisi Bilen Duşuşdy

Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasyndan berilen beýannama görä Erdogan bilen Raisiniň arasynda bolan duşuşykda, Ysraýylyň Gaza guraýan hüjümleri netijesinde başdan geçirilýän gumanitar pajyga we onuň çözülmegi üçin edilmeli başlangyçlar bilen Türkiýe-Eýran özara gatnaşyklary hem-de sebitleýin meseleler hakynda pikir alyşyldy.

Prezident Erdogan duşuşykda Ysraýylyň hüjümleriniň bes edilmeginiň sebit we dünýä paraharçylygyna hoşant goşjakdygyny beýan edip, Yslam hyzmatdaşlyk guramasynyň geçiriljek nobatdan daşary sammitinde adalatly çözgüt tgapmak üçin tagalla edilmelidigini aýtdy.

Türkiýäniň kepillik jogapkärçiligini öz üstüne alyp, meseläni çözmäge taýýardygyny nygtan Prezident Erdogan, musulman dünýäsiniň bilelikde hereket edip, Ysraýyla edilýän gysyşy artdyrmalydygyny beýan etdi.



Degişli Habarlar