MHG Yrakda möhüm operasiýa geçirdi

Türkiyäniň Milli Howpsuzlyk gullugy Yragyň demirgazygynda möhüm operasiýa geçirdi

2061483
MHG Yrakda möhüm operasiýa geçirdi

Esktermist terror guramasy PKK/KJK-nyň jogapkär ýolbaşçylarynyň biri bolan "Tekoşin Jizre" adyny ulanýan Aýşe Arslan Yragyň demirgazygyndaky Hakurk etrabynda geçirilen operasiýa bilen täsirsiz ýagdaýa getirildi. 

Milli Howpsuzlyk gullugy 2004-nji ýylda terror guramasy PKK-nyň düzümine goşulandygy we 2014-nji ýylda terror guramasy PKK-nyň Siriýadaky şahasy PÝD/ÝPG-nyň düzüminde işlemäge başlandygy anyklanan Aýşe Arslany gözegçilik astyna aldy. 

Terror guramasy PKK/KJK-nyň Hakurk etrabynda jemgyýetçilik dolandyryjysy wezpesinde iş alyp baran Aýşe Arslan, Yragyň demirgazygyndaky Hakurk etrabynda geçirilen operasiýa bilen täsirsiz ýagdaýa getirildi.  



Degişli Habarlar