Ömer Çelik Jibaliýe bosgun düşelgesine guralan hüjümi ýazgardy

Ysraýylyň düýn Gazadaky Jibaliýe bosgun düşelgesine garşy howadan guran hüjüminde 100 adamyň ýogalandygy, köp sanda adamyň ýaralanandygy aýan edildi

2058950
Ömer Çelik Jibaliýe bosgun düşelgesine guralan hüjümi ýazgardy

Adalat we ösüş partiýasynyň başlygynyň orunbasary we partiýanyň metbugat geňeşçisi Ömer Çelik Ysraýylyň Gazadaky Jibaliýe bosgun düşelgesine garşy guran hüjümini meýilleşdirilen gyrgynçylyk hökmünde häsýetlendirip, hüjümi ýazgardy. 

Ömer Çelik sosial mediadan beren beýanatynda içinde asuda ilatyň we bigünä adamlaryň bolan Jibaliýe bosgun düşelgesine garşy Ysraýylyň guran wagşyçylykly hüjümini ýazgarýandyklaryny habar berdi.  

Iň esasy adamzat gymmatlyklaryny we halkara hukugyny äsgermezlik eden bu rehimsiz hüjümiň meýilleşdirilen gyrgynçylykdygyny aýdan Ömer Çelik: "Ysraýylyň goşunyna haýsydyr bir çäk goýmaýarys diýip aýdan döwletler bu gyrgynçylygy höweslendirdiler. Ysraýylyň özüni goramagy barada aýdyp geçen döwletleriň, Gazaly zenanlaryň we çagalaryň ýaşamaklary barada aýdyp geçmezlikleri adamzat týdan utandyryjydyr. Ysraýyla ýaraşygy maslahat bermeýäris diýip, has köp ýarag ugradýanlar, gyrgynçyyk syýasatyna tomaşa edýärler" diýip mälim etdi. 

Ysraýylyň düýn Gazadaky Jibaliýe bosgun düşelgesine garşy howadan guran hüjüminde 100 adamyň ýogalandygy, köp sanda adamyň ýaralanandygy aýan edildi. 


Etiketkalar: #Ömer Çelik , #Ysraýyl , #Gaza

Degişli Habarlar