“Gazalylar Üçin 20 Göçme Hassahana Gurarys

Fahrettin Koja, gazalylar üçin 20 göçme hassaha gurmak maksady bilen degişli taýarlyklaryň görülýändigini aýtdy.

2058951
“Gazalylar Üçin 20 Göçme Hassahana Gurarys

Saglygy goraýyş ministri Fahrettin Koja, gazalylar üçin 20 göçme hassaha gurmak maksady bilen degişli taýarlyklaryň görülýändigini aýtdy.

Ministr Koja, paýtagt Ankarada Prezidentiň Kompleksinde geçirlen Ministrler kabinetiniň Mejlisinden soň metbugata beren beýannamasynda, Refah gümrük geçelgesine ýakyn ýerde hem-de Al Ariş howa menzilinde 20 göçme hassahana gurmak üçin taýarlyk görýändiklerini belledi.

Ministr Koja mesele boýunça Müsüriň we Palestinanyň Saglygy goraýyş ministrlikleri bilen ýakyndan aragatnaşyk saklaýandyklaryny, howpsuzlygyň ýola goýulmagyna we degişli rugsadyň berilmegine garaşýandyklaryny ýatlatdy.

Saglygy goraýyş ministri Koja, rugsat berlen halatynda gyssagly işe girişmäge taýardyklaryny belledi.

Hamasyn Kassam atly harby topary, 7-nji oktýabrda Ysraýyla garşy “Aksa Tupany” ady bilen giň gerimli operasiýa başladypdy.

Ysraýylyň harby goşuny hem harby uçarlar bilen Gaza garşy “Demir Gylyçlar” operasiýasyny başladypdy.

Hüjümler sebäpli iki tarapda müňlerçe adam ýogaldy.



Degişli Habarlar