Türkiýe, Gazada Türk-Palestina Hassahanasyna Guralan Hüjümi Berk Ýazgardy

Türk-Palestina dostluk hassahanasy, Palestinanyň iň uly hassahanalaryndan biri.

2058028
Türkiýe, Gazada Türk-Palestina Hassahanasyna Guralan Hüjümi Berk Ýazgardy

Türkiýe, Gazada Türk-Palestina dostluk hassahanasyna guralan hüjümi berk ýazgarýandygyny mälim etdi.

Daşary işler ministrliginden berlen ýazmaça beýannamada, “Ysraýylyň Gaza Türk-Palestina dostluk hassahanasyna guran hüjümini berk ýazgarýarys. Gazadaky ýeke-täk hassahana bolan hassahana hakyndaky maglumatyň Ysraýylly ýolbaşçylara berlendigine garamazdan şeýle hüjümiň guralmagy kabul edilmesiz” diýildi.

Beýannamada, “Gazadaky palestin halkyny esasy hak-hukuklaryndan mahrum etmegi maksat edinýän gabaw we hüjümler, halkara hukugyň basgylanýandygyny açyk aýdyň görkezýär” diýildi.

Beýannamada, Ysraýylyň Gazany dolulygyna nyşan almakdan ýüz öwürmelidigi nygtaldy.

Gazada rak kesellileriniň berjergi alýan ýeke-täk hassahanasy bolan Türk-Palestina dostluk hassahanasy, Palestinanyň iň uly hassahanalaryndan biri.

3 gatly hassahana Türkiýe tarapyndan 2017-nji ýylda gurulýar.



Degişli Habarlar