"Türk-Palestina Dostluk hassahanasynyň hyzmat bermäge dowam edip bilmegi üçin işe girişiler"

Türkiyäniň Saglygy goraýyş ministri Fahrettin Koja: "Türk-Palestina Dostluk hassahanasynyň hyzmat bermäge dowam edip bilmegi üçin işe girişiler" diýip habar berdi

2058468
"Türk-Palestina Dostluk hassahanasynyň hyzmat bermäge dowam edip bilmegi üçin işe girişiler"

Saglygy goraýyş ministri Fahrettin Koja sosial media hasabyndan beren beýanatynda, Gazada Türkiye tarapyndan gurulan Gaza Türk-Palestina Dostluk hassahanasynyň töwereginiň düýn ýerli wagt bilen sagat 23:00-da bombalanandygyny belläp: "Töweregi bombalanan hassahana, Gazadaky ýeke täk rak bilen kesellän adamlar üçin niýetelenen hassahanadyr. Keselli adamlaryň häzirki wagtda başga bir alternatiwasy ýok. Ölüm ýassygynda bolan şol adamlaryň dermanlary bolsa gutardy. Işgärleriň hassahana gidip gelmekleriniň we tiz kömek ulaglarynyň hassahana keselli adamlary daşamagynyň mümkin däldigi bilinýär. Ýurdumyzyň Gazada guran rak keseli bilen kesellän adamlar üçin niýetlenen hassahanasynyň hyzmat bermäge dowam edip bilmegi üçin işe girişjekdigine hiç hili şübhe edilmeli däl. Bir hassahananyň töwereginde hereket edýän ähli zady bombalaýanlar, adamzat wyždanynyň kazyýetinde onuň hasabyny bermekleri üçin özlerini taýarlamalydyrlar" diýip habar berdi. 

Palestinanyň habarlar agentligi WAFA Gazadaky Türkiye-Palestina Dostluk hassahanasynyň Ysraýyl tarapyndan bombalanandygyny mälim edipdi. 

Hamasyň Kassam atly ýaragly topary, söweşijileriniň Gazanyň günortasyndan geçen ysraýylly esgerler bilen çaknyşandyklaryny mälim etdi.

Kassam topary 7-nji oktýabrda Ysraýyla garşy “Aksa Tupany” ady bilen giň gerimli hüjüm başladypdy.

Ysraýylyň harby goşuny hem harby uçarlar bilen Gaza garşy “Demir Gylyçlar” operasiýasyny başladandygyny habar beripdi.

Başdan geçirilen dartgynlykda taraplaryň ikisinden hem müňlerçe adam pida boldy. 



Degişli Habarlar