Prezident Erdoganyň 100-nji Ýyl Çykyşy

“Hiçbir imperialist güýç Türkiýe Respublikasynyň bagtly durmuşda ýaşamagynyň we üstünlik gazanmagynyň öňüni alyp bilmez”

2057498
Prezident Erdoganyň 100-nji Ýyl Çykyşy

 

Prezdent R. T. Erdogan, “Şu gün Türkiýe Respublikasy, edil Mustafa Kemal Atatürkiň arzuw edişi ýaly, sebitinde we dünýäde hossarsyzlaryň hosary bolan ýurt” diýdi.

Prezident Erdogan, Türkiýe Respublikasynyň 100 ýyllygy mynasibetli halka ýüzlenip eden 100-nji ýyl çykyşynda, 1923-nji ýylyň 29-nji oktýabrynda yglan edilen Respublikasynyň ilkinji asyryny tamamlap Türkiýe Asyry ady bilen ikinji asyra gadam basýandyklaryny nygtady.

Prezident Erdogan “Müňlerçe ýyllyk döwlet däbimiziň soňky halkasy bolan Respublikasymyz, bu topraklarda guran ilkinji däl soňky döwletimizdir” diýdi.

Respublikanyň ylham çeşmesidini nygtan Erdogan , “Şu gün Türkiýe Respublikasy, edil Mustafa Kemal Atatürkiň arzuw edişi ýaly, sebitinde we dünýäde hossarsyzlaryň hosary bolan ýurt” diýdi.

Kawkazdan Aziýa, Türkistandan Palestina çenli Türkiýäniň birnäçe ýerde hossarsyzlara we basyş astynda bolanlara ýardam berýändigini belledi.

Prezident Erdogan  “Hiçbir imperialist güýç Türkiýe Respublikasynyň bagtly durmuşda ýaşamagynyň we üstünlik gazanmagynyň öňüni alyp bilmez” diýdi.



Degişli Habarlar