Erdogan Respublikanyň yglan edilmeginiň 100 ýyllygy mynasybetli çykyş etdi

Prezident Erdogan: "Şu gün Türkiye Respublikasy edil Gazynyň (Mustafa Kemal Atatürk) isleýşi ýaly sebitinde we dünýäde ýetimlere hemaýatkär bolýan bir ýurtdyr" diýip belledi

2057449
Erdogan Respublikanyň yglan edilmeginiň 100 ýyllygy mynasybetli çykyş etdi

Prezident Erdogan Respublikanyň yglan edilmeginiň 100 ýyllygy mynasybetli çykyş etdi. 

1923-nji ýylyň 29-njy oktýabrynda yglan edilen Respublikanyň ilkinji asyryny tamamlap, Türkiye Asyry diýip atlandyran 2-nji asyra tarap ýola çykandygyny aýdan Prezident Erdogan: "Müňlerçe ýyllyk döwlet däbimiziň täze halkasy bolan Respublikamyz, bu topraklarda esaslandyran ilkinji däl-de, iň soňky döwletimizdir" diýip nygtady. 

Respublikanyň özleri üçin buýsanç meselesidigini we ylham çeşmesidigini aýdan Prezident Erdogan: "Şu gün Türkiye Respublikasy edil Gazynyň (Mustafa Kemal Atatürk) isleýşi ýaly sebitinde we dünýäde ýetimlere hemaýatkär bolýan bir ýurtdyr" diýip belledi. 

Kawkazdan Aziýa, Türkistandan Palestina çenli nirede gözi ýaşly bir ezilen we mätäç adam bar bolsa kömek bermek üçin şol ugura tarap ylgaýan, elinden tutup ýerinden galdyran Türkiyäniň bardygyny aýdan Prezident Erdogan: "Türkiýe Respublikasynyň bagtyýar, üstünlikli we ýeňiş gazanmagynyň öňüne hiç bir imperialist güýç böwet bolup bilmez" diýip nygtady. 



Degişli Habarlar