Erdogan Bilen Sisi Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Erdogan bilen Sisi, Gazada asuda ilata garşy Ysraýylyň alyp barýan tutumy we meseläniň çözülmegi üçin ediljek tagallalar hakynda pikir alyşdy.

2053871
Erdogan Bilen Sisi Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Prezident R. T. Erdogan, Müsüriň Prezidenti Abdulfettah as Sisi bilen düýn telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasyndan berlen beýannama görä, Erdogan bilen Sisi telefon söhbetdeşliginde, Ysraýyl-Palestina çaknyşygynda ýetilen sepgit, Gazada asuda ilata garşy Ysraýylyň alyp barýan tutumy we meseläniň çözülmegi üçin ediljek tagallalar hakynda pikir alyşdy.

Prezident Erdogan, telefon söhbetdeşliginde, Palestina garşy edilýän wagşyçylygyň gün saýyn çuňlaşýandygyna, hassahanalaryň, mekdepleriň we ybadathanalaryň bombalanýandygyna garamazdan Günbatarly ýurtlaryň dymmagynyň Gazadaky dartgynlygy has-da möwjedýändigini belledi.

Gazadaky palestinalylaryň ýurtlaryndan göçmegi üçin basyş edilmeginiň kabul edilmesizdigini nygtan Prezident Erdogan, Türkiýäniň parahatçylygyň ýola goýulmagy we Gazada gyssagly ynsanperwer kömeginiň berilmegi üçin tagalla etmäge dowam etjekdigini ýatlatdy.



Degişli Habarlar