Ömer Çelik: "Bu gyrgynçylygy ýazgarýarys" diýdi

Ömer Çelik Ysraýylyň Gazadaky al-Ehli Baptist hassahanasyna guran hüjüminiň üstünde durup geçdi.

2052766
Ömer Çelik: "Bu gyrgynçylygy ýazgarýarys" diýdi

Adalat we ösüş partiýasynyň metbugat geňeşçisi Ömer Çelik 471 adamyň ýogalan, Gazadaky al-Ehli Baptist hassahanasyna garşy guralan raketaly hüjümiň Hamas tarapyndan guralandygy baradaky öňe sürmeleriň dezinformasiýadan ybaratdygyny habar berdi. 

Adalat we ösüş partiýasynyň metbugat geňeşçisi Ömer Çelik paýtagt Ankara şäherinde partiýanyň merkezinde beýannama berdi. 

Ömer Çelik Ysraýylyň Gazadaky al-Ehli Baptist hassahanasyna guran hüjüminiň üstünde durup geçdi. 

Ysraýylyň goşunynyň ilki bilen sosial media hasabyndan resmi ýagdaýda hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne alandygyny, belli bir wagt soň bolsa şol beýanatyny aýyrandygyny aýdan Ömer Çelik: "Bu gyrgynçylygy ýazgarýarys" diýip nygtady.

Ysraýylyň hassahana guran hüjüminiň döwrebap taryhyň iň uly gyrgynçylyklarynyň biridigini aýdan Ömer Çelik: "Hormatly Prezidentimiz Rejep Taýýip Erdogan tarapyndan şol çäkde 3 gün milli ýas yglan ediler. Bu milletimiziň Palestinadaky bigünä çagalar, zenanlar, asuda ilat, ýaşuly adamlar bilen raýdaşlygynyň tüýs ýüregimiz bilen olar bilen bilelikdedigimiziň bir nyşanydyr" diýip belledi. 

Gazalylaryň Müsüre sürgün edilmegi ýaly çemeleşmäniň asla kabul edilmejekdigini aýdan Ömer Çelik: "Türkiye her dürli ynsanperwer kömege taýardyr" diýip habar berdi. 



Degişli Habarlar