Hakan Fidan, Eýranly we Yrakly Kärdeşi Bilen Duşuşdy

Fidan, Yslam Hyzmatdaşlyk guramasynyň Ýerine ýetirijiler komitetiniň maslahatyna gatnaşdy

2053141
Hakan Fidan, Eýranly we Yrakly Kärdeşi Bilen Duşuşdy
Fidan-Abdullahiyan.jpg
Fuad Huseyin-Hakan Fidan.jpg

Daşary işler ministri Hakan Fidan, Saud Arabystanynyň Jidde şäherinde Yragyň Daşary işler ministri Fuad Masum we Eýranyň Daşary işler ministri Hüseýin Emir Abdullahiýan bilen duşuşdy.

Daşary işler ministrliginiň sosial mediadan beren habarmasynda, Yslam Hyzmatdaşlyk guramasynyň Ýerine ýetirijiler komitetiniň maslahatyna gatnaşmak üçin düýn Jidde şäherine giden Fidanyň geçiren duşuşyklary hakynda maglumat berildi.

Habarnamada, Ministr Fidanyň, Saud Arabystanynyň Jidde şäherinde Yragyň Daşary işler ministri Fuad Masum we Eýranyň Daşary işler ministri Hüseýin Emir Abdullahiýan bilen duşuşdygy nygtaldy.

Beýleki tarapdan Daşary işler ministri Fidanyň Argentinanyň Daşary işler ministri Santýago Kafýero bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigi bellenildi.

Fidan bilen Kafýero telefon söhbetdeşliginde Ysraýylda we Palestinada başdan geçirilýän soňky wakalar we Ysraýylyň Gaza guraýan hüjümleri hakynda pikir alyşdy.



Degişli Habarlar