ABŞ-nyň Stambuldaky Başkonsullugynyň Öňünde Protest Ýörişi Geçirildi

Protestçylar ABŞ-nyň basyp alyjy Ysraýylyň hökümetiniň jenaýat şärigidigini nygtady.

2053002
ABŞ-nyň Stambuldaky Başkonsullugynyň Öňünde Protest Ýörişi Geçirildi

Ysraýylyň Gazadaky Al Ehli Baptist hassahanasyna guran bombaly hüjüminden soň ABŞ-nyň Stamuldaky Başkonsullugynyň öňünde protest ýörişi geçirildi.

Protestçylar agşamara Saryýer etrapçasynda ýerleşýän ABŞ-nyň Stambuldaky Başkonsullugynyň öňünde bir ýere jemlenşip Gaza guralýan hüjümlere garşylyk görkezdi.

ABŞ we Ysraýyla garşy şygarlar aýdan topar, hüjümlerde ýogalanlar üçin doga edip Gurhan okady.

Protestçylar ABŞ-nyň basyp alyjy Ysraýylyň hökümetiniň jenaýat şärigidigini nygtady.

Gazada hassahana guralan hüjümde birnäçe adamyň ýogalandygyna ünsi çeken protestçylar Palestinalylara goldaw ýüzlenmesini berdi.

Ysraýylyň Gazanyň merkezinde ýerleşýän Al Ehli Baptist hassahanasyna 17-nji oktýabrda guran bombaly hüjüminde asuda ilatdan 471 adam ýogalypdy.

Ysraýylyň 7-nji oktýabrdan bäri guraýan hüjümlerinde bolsa 3 müňden gowrak palestinaly ýogaldy, 12 müň 500-den gowrak adam hem ýaralandy.

 



Degişli Habarlar