Yragyň demirgazygynda bir esger şehit boldy

Yragyň demirgazygynda ekstremist terror guramasy PKK-a agza terrorçylar bilen bolan çaknyşykda ýaralanyp, hassahana ýatyrylan 1 esger şehit boldy

2052744
Yragyň demirgazygynda bir esger şehit boldy

Türkiyäniň Milli Goranmak ministrliginden berilen beýanatda, Penje-Gulp operasiýasy sebitinde PKK-ly terrorçylar bolan çaknyşykda bir esgeriň agyr ýagdaýda ýaralanandygy mälim edildi. 

Hassahana ýatyrylan esger edilen ähli tagallalara garamazdan halas edilip bilinmedi we şehit boldy. 

Beýanatda terrorçylara garşy berilen jogap hüjümde ilkinji kesgitlemelere görä 2 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigi bellenip, sebitdäki operasiýalaryň dowam edýändigi aýan edildi. 

Beýleki tarapdan Şanlyurfa welaýatynyň Akçakale etrabynda Siriýadan ýurda girmäge synanyşan terror guramasy PKK/PÝD agza terrorçy saklandy.

Terrorçylar bilen bagly kazyýet işi gozgaldy. 


Etiketkalar: #esger , #şehit , #demirgazyk , #Yrak

Degişli Habarlar