Türkiye Liwandaky raýatlaryna duýduryş berdi

Türkiye Liwanda bolan türk raýatlaryna ätiýaçly bolmaklary we mümkin boldugyça Litani derýasynyň günortasyndaky sebitlerden uzak durmaklary barada maslahat berdi

2050371
Türkiye Liwandaky raýatlaryna duýduryş berdi

Türkiyäniň Daşary işler ministrligi X sosial media hasabyndan Liwandaky türk raýatlary üçin duýduryş berdi. 

Duýduryşda Ysraýyldaky we Palestinadaky soňky hadysalaryň Liwanyň günortasyna täsir ýetirmeginiň çäginde: "Liwanda bolan türk raýatlarymyza ätiýaçly bolmaklary we mümkin boldugyça Litani derýasynyň günortasyndaky sebitlerden uzak durmaklary barada maslahat berilýär. Hadysalara ministrligimiziň we Beýrutdaky ilçihanamyzyň resmi internet saýtlaryndan we sosial media hasaplaryndan ýakyndan gözegçilik etmekleri peýdaly bolar" diýip habar berildi. 

Ministrlik adatdan daşary ýagdaýlar üçin Türkiyäniň Beýrut şäherindäki ilçihanasynyň "+961 3 944 904" we "+961 70 622 012" telefon belgilerini we ministrligiň Konsullyk bölüminiň "+90 312 292 29 29" telefon belgilerini paýlaşdy. 

Hamasyň harby şahasy Kassam topary şenbe güni Ysraýyla "Aksa Tupany" atly giň gerimli hüjüm başladandygyny habar beripdi. Gazadan Ysraýyl tarapyna müňlerçe raketa bilen hüjümler guraldy we ýaragly toparlar sebitdäki ilatly ýerlere giripdi. 

Ysraýylyň goşuny bolsa harby uçarlar bilen Gaza sektoryna "Demir Gylyçlar" operasiýasyny başladandygyny habar berdi. 

Başdan geçirilýän dartgynlyklar sebäpli taraplaryň ikisinden hem ýüzlerçe adam ýogaldy. 


Etiketkalar: #ilçihana , #Beýrut , #Liwan , #Türkiye

Degişli Habarlar