Erdogan Bilen Makron Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Erdogan, Gazadaky asuda ilatyň nyşana alynmagynyň kabul edilmesizdigini nygtady

2050559
Erdogan Bilen Makron Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Prezident R. T. Erdogan, Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasyndan berlen beýannama görä, Erdogan bilen Makron telefon söhbetdeşliginde, Ysraýyl-Palestina çaknyşygy, sebitdäki gumanitar ýagdaý we asudalygyň ýola goýulmagy üçin ediljek tagallalar hakynda pikir alyşdy.

Prezident Erdogan, telefon söhbetdeşliginde Gazadaky asuda ilatyň nyşana alynmagynyň we adam hukuklarynyň basgylanmagynyň kabul edilmesizdigini nygtady.

Gaza ynsanperwer kömeginiň berilmegi üçin Türkiýäniň tagalla edýändigini aýdan Erdogan, esasan Günbatarly ýurtlaryň dartgynlygyň möwjemegine sebäp bolup biljek hereketlerde gaça durmalydygyny belledi.

Prezident Erdogan, halkara jemgyýetçiliginiň meseläniň yzygiderli ýagdaýda çözülmegi üçin Türkiýäniň iki döwletli çözgüt teklibine goldaw bermelidigini ýatlatdy.



Degişli Habarlar