Prezident Erdogan, Liderler Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Erdogan parahatçylygyň ýola goýulmagy üçin tagalla etmäge dowam etjekdiklerini nygtady

2048667
Prezident Erdogan, Liderler Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Prezident R. T. Erdogan Palestinanyň, Ysraýylyň, Liwanyň, Kataryň we Müsüriň lideri bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Erdogan Palestinanyň Prezidenti Mahmud Abbas bilen Ysraýylda we Palestinada başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda pikir alyşdy.

Erdogan, Türkiýäniň sebitde çaknyşyklaryň ortadan aýrylmagy we durnuklylygyň ýola goýulmagy üçin tagalla etmäge dowam etjekdiklerini belledi.

Prezident Erdogan, Liwanyň Premýer-ministri Nejip Mikaty bilen hem telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Erdogan telefon söhbetdeşliginde, Ysraýyl bilen Palestinanyň arasyndaky çaknyşyklaryň ortadan aýrylmagy üçin Türkiýäniň elinden geleni etmäge dowam etjekdigini nygtady.

Prezident Erdogan, Ysraýylyň Prezidenti Ishak Gersog bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

İki lider telefon söhbetdeşliginde Ysraýylda we Palestinada başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda pikir alyşdy.

Prezident Erdogan sebitdäki çaknyşyklaryň bes edilmegi we yzygiderli parahatçylygyň ýola goýulmagy üçin tagalla etmäge dowam etjekdiklerini nygtady.

Prezident Erdogan, Kataryň Emiri Şyh Temim bin Hamed Al Sani bilen geçiren telefon söhbetdeşliginde hem Ysraýyl-Palestina dartgynlygy sebäpli sebitde artan çaknyşyklar hakynda pikir alyşdy.

Prezident Erdogan Müsüriň Prezidenti Abdulfettah As Sisi bilen geçiren telefon söhbetdeşliginde bolsa sebitdäki dartgynlygyň ortadan aýrylmagy üçin görüljek çäreler hakynda pikir alyşdy.

Hamasyň harby topary Kassam, şenbe güni ysraýyla garşy “Aksa tupany” ady bilen giň gerimli hüjüm başladypdy.

Gazadan Ysraýyla müňlerçe raketa atyldy we ýaragly toparlar hem ilatly ýerlere girdi.

Ysraýylyň harby goşuny hem harby uçarlar bilen Gaza sektoryna garşy “Demir Gylyçlar” operasiýasyny başladandygyny mälim edipdi.

Dartgynlyk sebäpli iki tarapda hem ýüzlerçe adam ýogaldy.

 

 

 



Degişli Habarlar