Terrora Garşy Egilşiksiz Göreş Dowam Edýär

Siriýanyň demirgazygynda ekstremist terror guramasyna degişli ýerler Türkiýe wagty bilen 22.00-da nyşana alyndy

2048017
Terrora Garşy Egilşiksiz Göreş Dowam Edýär

Siriýanyň demirgazygyna guralan howa hüjüminde, ekstremist terror guramasy tarapyndan ulanylýan nebit desgasy, gowak we gaçybatalga bilen birlikde 6 ýer hatardan çykaryldy.

Milli Goranmak ministrliginden berlen ýazmaça beýannamada, Siriýanyň demirgazygynda ekstremist terror guramasyna degişli ýerleriň Türkiýe wagty bilen 22.00-da nyşana alynandygy nygtaldy.

Beýannamada, howa hüjüminde köp sanly terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirlendigi bellenildi.

Beýannamada “PKK/ÝPG bilen birlikde beýleki terrorçylary täsirsiz ýagdaýa getirip, Siriýanyň demirgazygyndan halkymyza we howpsuzlyk güýçlerine garşy guralýan terrorçylykly hüjümleriň öňüni almak we serhetlerimiziň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen BMG şertnamasynyň 51-nji maddasyna laýyklykda, Siriýanyň demirgazygynda ekstremist terror guramasyna degişli ýerler Türkiýe wagty bilen 22.00-da nyşana alyndy. Howa hüjüminde, ekstremist terror guramasy tarapyndan ulanylýan nebit desgasy, gowak we gaçybatalga bilen birlikde 6 ýer hatardan çykaryldy. Howa hüjüminde asuda ilatyň ýitgi çekmezligi, taryhy we medeni gymmatlyklaryň goralmagy we daşky gurşawa zeper ýetirilmezligi üçin degişli çäreler görüldi” diýildi.



Degişli Habarlar