Soňky 1 Hepde-de 150 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi

Güler, terrora garşy egiliksiz göreşiň dowam etjekdigini belledi.

2048309
Soňky 1 Hepde-de 150 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi

Yragyň we Siriýanyň demirgazygyndaky terror öýjüklerine garşy oktýabr aýynyň 1-8-i aralygynda guralan howa hüjümlerinde 150-den gowrak terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Milli Goranmak ministri Ýaşar Güler, Stambulda Milli Goranyş uniwersitetiniň täze okuw ýylynyň açylyş dabarasynda eden çykyşynda, terrora garşy alnyp barylýan göreş barada durup geçdi.

Güler, terrora garşy egiliksiz göreşiň dowam etjekdigini belledi.

Şol çäkde oktýabr aýynyň 1-4-i aralygynda Yragyň demirgazygyndaky, oktýabr aýynyň 5-6-sy we 8-i aralygynda bolsa Siriýanyň demirgazygyndaky terror öýjükleriniň nyşana alynandygyny we hatardan çykarlandygyny aýdan Güler, “Üstünliki ýagdaýda guralan şol howa hüjümlerinde, terror guramasyna degişli köp sanly ýer nyşana alyndy we hatardan çykaryldy. 150-den gowrak terrorçy hem täsirsiz ýagdaýa getirildi. PKK/KJK, PÝD/ÝPG-niň Siriýadaky we Yrakdaky ähli ýerlerini nyşana aljakdygymyzy ýene-de bir gezek nygtaýarys. Eli ganly terrorçylar, bu topraklardan ýok bolup gidýänçä terrora garşy egilşiksiz göreşimiz dowam eder” diýip belledi.



Degişli Habarlar