Türkiýe, Owganystana Gynanç Bildirdi

“Dost we doganlyk owgan halkyna gynanç bildirýäris, ýogalanlara Alladan rehnet, ýaralananlara gyssagly şypa dileýäris”

2047896
Türkiýe, Owganystana Gynanç Bildirdi

Türkiýe, Owganystanyň Gerat welaýatynda bolan ýer titremesinde ýogalanlar üçin gynanç bildirdi.

Daşary işler ministrliginden berlen ýazmaça beýannamada, Gerat welaýatynda düýn bolan 6,3 bal ululygyndaky ýer titremesinde 2 müňden gowrak adamyň ýogalmagyna, müňlerçe adamyň hem ýaralanmagyna gynanç bildirildi.

Beýannamada, “Dost we doganlyk owgan halkyna gynanç bildirýäris, ýogalanlara Alladan rehnet, ýaralananlara gyssagly şypa dileýäris” diýildi.

Beýannamada, Türkiýäniň doganlyk owgan halkyna hemişe bolşy ýaly ähli taraplaýyn goldaw bermäge dowam etjekdigi ýatladyldy.

 



Degişli Habarlar