Terrora garşy göreş giň gerimli dowam etdirilýär

Yragyň Sinjar şäherinde geçirilen operasiýada ekstremist terror guramasy PKK-nyň janyna kast etmek bölüminiň ýolbaşçysy Ilýas Biro Eli täsirsiz ýagdaýa getirildi

2047426
Terrora garşy göreş giň gerimli dowam etdirilýär

Milli Howpsuzlyk gullugy howpsuzlyk güýçlerine we asuda ilatyň janyna kast etmek aksiýalaryna guramaçylyk edýän terrorçy Ilýas Biro Eli ýakyndan gözegçilik astyna aldy. 

Milli Howpsuzlyk gullugynyň sebitdäki işgärleri, Ilýas Biro Eliniň täze bir hüjüm guramak isleýändigini anykladylar. Terrorçynyň hüjümi gurajak guramanyň agzalary bilen duşuşyk geçirendigi anyklandy. Yragyň Sinjar şäherinde operasiýa geçirildi. 

Ilýas Biro Eli hüjüm guramak üçin taýarlyk gören terror guramasynyň agzalary bilen bilelikde täsirsiz ýagdaýa getirildi. 

 

Beýleki tarapdan bolsa Agry welaýatynyň Dogubaýazyt etrabynyň Berezer diýilýän ýerinde komandos güýçleri bilen terrorçylaryň arasynda bolan ýaragly çaknyşykda 2 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi. 

TBMM-niň başlygy Numan Kurtulmuş terrora garşy göreşde jebis we agzybir bolmagyň gerekdigini belläp: "Terrora garşy göreşimizde iň soňky terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirilýänçä çenli däl, ondan has öte, terroryň arkasyndaky ähli sebäpler we goldawlar ortadan aýrylýança çenli bu asylzada millet göreşini dowam etdirer" diýip habar berdi. 

Kommunikasiýalar edarasynyň başlygy Fahrettin Altun hem sosial media hasabyndan Türkiyäniň ýaranlaryna çagyryş berdi. 

"Strategiki sebäpler bilen bu guramalara kömek etmek we olary goldamak hakykatdanam ägirt uly akmaklykdyr" diýen Fahrettin Altun: "Terror guramalaryny goldamak ugrundaky ýalňyş syýasatyňyzy bes ediň" diýip çagyryş berdi. 

Prezidentiň Daşary syýasat we howpsuzlyk boýunça maslahatçysy ilçi Akif Çagataý Kylyç hem sosial media hasabyndan beren beýanatynda, serhet zolagynda üýşmäge synanyşýan terror guramalaryna asla rugsat berilmejekdigini beýan etdi. 


Etiketkalar: #Agry , #Sinjar , #Yrak

Degişli Habarlar