FETÖ-niň agzasy Koraý Wural Türkiyä getirildi

Terror guramasy FETÖ-niň gaçgak agzasy Koraý Wural Türkiyä getirildi

2046749
FETÖ-niň agzasy Koraý Wural Türkiyä getirildi
feto kacis.jpg
feto koray vural.jpg

Türkiyäniň Milli Howpsuzlyk gullugy terrodan gözlenýänleriň sanawynda "Narynç" kategoriýada ady geçýän, "Ýaragly terror guramasy Fetullahçy terror guramasyna agza bolmakdan" gözlenýän gaçgak Koraý Wuraly Täjigistanda saklap, Türkiyä getirdi. 

FETÖ-niň ugrukdyrmagy bilen Täjigistana giden we ol ýerde guramanyň çäginde ýolbaşçy wezipelerinde iş alyp baran Koraý Wural, Merkezi Aziýadaky we Täjigistandaky guramaçylyk işlerini dolandyrýan adamlaryň biridi. 

Täjigistanda bolan mahaly ABŞ-nyň Pensilwaniýa ştatyna ýygy-ýygydan gidip, FETÖ-niň ýolbaşçysyndan görkezmeler alan Koraý Wural, FETÖ-niň gaçgak agzasy Emsal Koçyň Türkiyä getirilmeginden soň, Täjigistandan gaçmak barada meýilnama düzendigi anyklandy. 

Beýleki tarapdan bolsa Marmaris etrabynyň Bozburun diýilýän ýeriň suw giňişliginde FETÖ-niň 11 agzasy ABŞ-nyň baýdagyny göterýän "Galxy" atly ýahta bilen daşary ýurda bikanun ýollar bilen gaçmaga synanyşan mahaly, Türkiyäniň Kenarýaka Howpsuzlyk gullugy tarapyndan saklandylar. 

Saklanan adamlar Mugla welaýatynyň Içeri işler müdürligine alynyp gidildi. 


Etiketkalar: #Türkiye , #Täjigistan , #FETÖ

Degişli Habarlar