Milli Howpsuzlyk gullugy Siriýada möhüm operasiýa geçirdi

Ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-niň Siriýadaky razwedka gurluşynda jogapkär wezipede işleýän Nabo Kele Haýri täsirsiz ýagdaýa getirildi

2046337
Milli Howpsuzlyk gullugy Siriýada möhüm operasiýa geçirdi

Nabo Kele Haýriniň 2022-nji ýylyň 13-nji noýabrynda 6 adamyň ýogalmagy, 81 adamyň ýaralanmagy bilen netijelenen Stambul şäheriniň Istiklal köçesindäki bombaly hüjümi meýilleşdiren terrorçylaryň hatarynda bolandygy mälim edildi. 

PKK/ÝPG tarapyndan Türkiyä garşy aksiýalar geçirmek maskady bilen döredilen 14 adamdan ybarat razwedka gurluşynyň düzüminde bolan Mazlum Afrin adyny ulanýan Nabo Kele Haýri Siriýada anyklanyp, gözegçilik astyna alyndy. 

Terrorçy Türkiyäniň Milli Howpsuzlyk gullugy tarapyndan 3-nji oktýabrda Hasekede täsirsiz ýagdaýa getirildi. 



Degişli Habarlar