Hakan Fidan paýtagt Ankarada diplomatik gepleşikler geçirdi

Türkiyäniň Daşary işler ministri Hakan Fidan paýtagt Ankara şäherinde diplomatik gepleşikler geçirdi

2045875
Hakan Fidan paýtagt Ankarada diplomatik gepleşikler geçirdi

Daşary işler ministriliginiň X sosial media hasabyndan Hakan Fidanyň diplomatik gepleşikler geçirendigi barada maglumat berildi. 

Berilen maglumata laýyklykda ministr Hakan Fidan Siriýanyň oppozisiýa we ynkylap güýçleriniň milli koalisiýasynyň başlygy Hadi al-Bahra, Siriýanyň Gepleşikler komissiýasynyň başlygy Bedir Jamud we Siriýanyň Wagtlaýyn hökümetiniň başlygy Abdurrahman Mustafany kabul etdi. 

Hakan Fidan mundan başgada Halkara Migrasiýa Syýasatyny Ösdüriş Merkeziniň baş müdiri Maýkl Spindelegg bilen duşuşyk geçirdi. 



Degişli Habarlar