Ankarada bombaly hüjümi amala aşyran ikinji terrorçynyň hem şahsyýeti anyklandy
Türkiyäniň paýtagty Ankara şäherinde Içeri işler ministrliginiň öňündäki bombaly hüjümi amala aşyran terrorçylaryň ikinjisiniň ekstremist terror guramasy PKK/KJK-a agza Özkan Şahindigi anyklandy
Ministrlik tarapyndan berilen beýanatda, Içeri işler ministrligine garşy 2 terrorçy tarapyndan 1-nji oktýabr ýekşenbe güni guralan hyýanatçylykly hüjüm synanyşygynyň, gahryman polisiýa işgärleriniň şol bada garşylyk görkezmekleri netijesinde öňüniň alynandygy we terrorçylaryň täsirsiz ýagdaýa getirilendigi ýatladyldy.
Ozal geçirilen derňew işiniň we DNK barlaglarynyň netijesinde terrorçylaryň biriniň terror guramasy PKK/KJK-nyň agzasy "Kaniwar Erdal" adyny ulanýan Hasan Oguz atly terrorçydygy anyklanandygy bellenen beýanatda, hüjümi guran 2-nji terrorçynyň bolsa terror guramasy PKK/KJK-a agza Özkan Şahindigi anyklanandygy habar berildi.
Beýanatda: "Howpsuzlyk güýçlerimiz tarapyndan başladylan derňew işi dowam edýär. Iň soňky terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirilýänçä çenli terrora garşy göreşimiz erjellik we tutanýerlilik bilen dowam eder" diýip mälim edildi.
Degişli Habarlar
Daşary Işler Ministri Fidan, Birleşen Arap Emirliklerinde Saparda Bolýar
Hakan Fidan,kärdeşi Abdullah bin Zaýid Al Nahýan bilen duşuşdy.